Ýoldaş A. A. Hojamyradowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş A. A. Hojamyradowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7279-njy madda)
Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň teatr sungatyny ösdürmekde ýitiren uly hyzmatlary üçin hem-de Marynyň Kemine adyndaky türkmen döwlet drama teatrynyň döredilmeginiň altmyş ýyllyk toýy mynasybetli, teatryň baş suratçysy Annaoraz Agaýewiç Hojamyradowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 16-njy iýuny
№ PP-2532