Ýoldaş B. Hojaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş B. Hojaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7278-nji madda)
Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy hem-de garaşsyz bitarap Türkmenistanyň aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Marynyň Kemine adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynyň aýdym-saz toparynyň aýdymçysy ýoldaş Bahar Hojaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 12-nji iýuny
№ PP-2531