Ýoldaş W. A. Ataýewi «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş W. A. Ataýewi «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 5 , 7233-nji madda)
Türkmenistanyň arhitekturasyny we şäher gurluşygyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinin, ýanyndaky Arhitektura-gurluşyk gözegçiligi baradaky Milli komitetiň Şäherleriň we oba ilatly ýerleriniň arhitekturasy, planlaşldyrylyşy, gurluşygy uprawleniýesiniň başlygy ýoldaş Wladimir Annagylyjowiç Ataýewi «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 5-nji maýy
№ PP-2504