A. Artykow, A. Hudaýşükürow ýoldaşlara «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P E R M A N Y
A. Artykow, A. Hudaýşükürow ýoldaşlara «Türkmenistanyň
halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý. № 5, 1262-nji madda)
Saz sungaty babatda bitiren hyzmatlary hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagy üçin:
M. Karýakubow adyndaky Özbegistan döwlet filarmoniýasynyň solisti Atajan Artykowa,
Berdak adyndaky Garagalpagystan döwlet filarmoniýasynyň «Amu tolkuny» ansamblynyň çeper ýolbaşçysy Atajan Hudaýşükürowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 4-nji maýy
№ PP-862