Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Döwlet tohumçylyk inspeksiýasyny ýapmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Döwlet tohumçylyk inspeksiýasyny ýapmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 3, 7166-njy madda)
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Döwlet tohumçylyk inspeksiýasyny ýapyp, onuň wezipelerini Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine bermeli.
2. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi ulanylýan kanunçylyk we normatiw aktlara degişli üýtgetmeleri girizmek hakynda teklipleri taýýarlamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 30-njy marty
№ PP-2492