Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Kerki etrap, şäher suduny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Kerki etrap, şäher suduny döretmek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Kerki etrap, şäher suduny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 4, 1204-nji madda)

«Türkmenistanda sud gurluşy we sudýalaryň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Kerki şäher we Kerki etrap sudlaryny ýatyrmaly.

2. Kerki etrap, şäher suduny döretmeli.

3. Kerki etrap, şäher sudy üçin sudýalaryň sanyny 2 birlik hem-de administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş baradaky sudýalaryň sanyny 1 birlik mukdarynda bellemeli.

4. Kerki etrap we Kerki şäher sudlarynyň Kerki şäherinde hem-de Kerki etrabynda işleýän we ýaşaýan halk oturdaşlary öz ygtyýarlaryny Kerki etrap, şäher sudunda amala aşyrýarlar diýip bellemeli.

5. «Türkmenistany oblast we Aşgabat şäher sudlarynyň, raýon, şäher sudlarynyň ýanyndaky administratiw we ýerine ýetirişe iş ýöredijilik baradaky sudýalaryň sanyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji marynda çykaran kararyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 30-njy apreli

№ PP-855

References