Türkmenistanda goranmak işini guramak boýunça goçmaşa çäreler hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Türkmenistanda goranmak işini guramak boýunça goçmaşa çäreler hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 4, 1202-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.08.1993 ý. çykaran № PP-991 Permany esasynda girizilen üýtgetmler we goşmaçalar bilen)
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 12-nji maddasyna, 57-nji maddasynyň 3-nji punktuna we 78-nji maddasynyň 2-nji punktuna laýyklykda hem-de ozalky SSR Soýuzynyň Ýaragly Güýçleriniň Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşen harby bölümleriniň we birleşmeleriniň emläk baradaky bikanun geleşiklerine ýol bermezlik hem-de olaryň öňüni almak, şeýle hem Türkmenistanyň emläk hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we ykdysady bähbitlerini berjaý edilmegi üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Ozalky SSR Soýuzynyň Ýaragly Güýçleriniň Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşen harby bölümleriniň we birleşmeleriniň ähli gozgalmaýan we gozgalýan emlägi - harby bölümler tarapyndan eýelenýän ýerler we olarda ýerleşen harby şäherjikler, poligonlar, aerodromlar, pozisiýalar, atyşhanalar, suw howdanlary, suw çeşmeleri, jaýlar, binalar we desgalar, enjamlar, öwseleler, ýaraglar, ok-däriler, harby tehnika, şol sanda transport serişdeleri, şeýle hem goşunlaryň bolmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki maddy gymmatlyklar Türkmenistanyň eýeçiligidir diýip bellemeli.
2. Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşen harby bölümler we birleşmeler tarapyndan peýdalanylýan islendik emlägi - territoriýalary, jaýlary, transporty, söweş tehnikasyny we beýleki emlägi ähli görnüşlerde aýrybaşgalamagy gadagan etmeli.
Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşen harby bölümlerin we birleşmeleriň emlägi diňe kanunda bellenilen tertipde Türkmenis-tanyn, territoriýasyndan alnyp gidilip bilner. Şeýle emlägi aýry-waşgalamak baradaky ähli geleşikler Türkmenistanyň döwlet bäh-bitleriyýe ters gelýänler hökmünde, baglaşylan pursatyndan başlap hakyky däldir.
Şu maksat bilen:
harby bölümleriň we birleşmeleriň emlägini aýrybaşgalamak barada baglaşylan geleşikleriň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi bilen baglanyşyklylykda aýrybaşgalamak emlägiň yzyna alynmagyny we onuň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ygtyýaryna berilmegini üpjün etmegi Türkmennstanyň Baş prokuroryna;
harby bölümleriň we birleşmeleriň emläginiň alnyp gidilmeginiň öňüni almak boýunça netijeli çäreleri Türkmeyistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti, Türkmenistan demir ýoly, Türkmenistanyň Milli graždan awiasiýasy uprawleniýesi, Türkmenisnanyň deňiz parahodçglygy, Türkmenistanyň derýa parohodçylygy bilen bilelikde işläp taýýarlamagy hem-de amala aşyrmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabşyrmaly.
3. Şu Permanyň 1-nji punktunda görkezilen emlägiň ýok edilmegi, alnyp gidilmegi, bikanun berilmegi, elden gidirilmegi, başga birine berilmegi, zaýalanylmagy ýa-da oňa başga bir görnüşde zyýan ýetirilmegi üçiň harby bölümleriň we bölümleriň, kärhanalaryň hem-de guramalaryň wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
4. Şu Permanyň düzgünleri Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşen ähli harby bölümleriň we bölümleriň, kärhanalaryň hem-de guramalaryň emlägi barada ulanylýar, Russiýa Federasiýasynyň howa hujüminden goranmak goşunlarynyň we harby-howa güýçleriniň bölumleriniň Russiýa Federasiýasynyň serişdeleriniň hasabyna 1992-nji ýylyn 31-nji iýulyndan soň gurlan ýa-da satyn alnan emlägi muňa girmeýär.
5. Şu Perman oňa gol çekilen pursatdan başlap guýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 30-njy apreli
№ PP-853