Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

1993-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

1993-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

1993-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny

bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 4, 1199-njy madda)

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň kararyna laýyklykda, karar edýärin:

Şu aşakdakylara 1993-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli:

1. Merhum ýazyjy Ata Gowşudowa, merhum edebiýatşynas Baýmuhammet Garryýewe - türkmen edebiýatyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin.

2. Merhum hudožnik Bäşim Nurala - türkmen milli žiwopisiniň emele gelmegine we ösmegine goşan uly goşandy üçin, özboluşly köptaraplaýyn döredijiligi üçin.

3. Halyçylar toparyna: Dursun Agaberdiýewa, Keýik Agasopyýewa, Bibi Amanjaýewa, Nabat Annaberdiýewa-Nejebalyýewa, Ogulgerek Annamyradowa, Oguljemal Annamyradowa, Dursun Ataýewa-Şagulyýewa, Dursun Baýramdurdyýewe, Käbe Wasowa, Annabike Durdyýewa, Baýram-ene Durdyýewa, Doýduk Durdyýewa, Nursoltan Gylyçmämmedowa, Bagtygül Mämmetgylyjowa, Akgyz Meredowa, Merettäç Meredowa, Maral Nyýazgulyýewa, Ogultäç Nyýazgulyýewa, Ogulsapar Nurnyýazowa, Täçbibi Sähedowa, Ogultäç Tagandurdyýewa-Şahberdiýewa, Keýin Eminowa (merhumlar); Oguldurdy Annaýewa, Gurban Annagulyýewa-Ötgirowa, Nurtäç Annamyradowa, Oguljeren Armydowa-Sarjaýewa, Maýsa Ataýewa-Öwezowa, Amangül Babaýewa-Gurbanowa, Sülgün Baýmyradowa-Garryataýewa, Gülnyýaz Baýramdurdyýewa-Allaberdiýewa, Ogulgözel Wasowa, Amantagan Durdyýewa, Gynna Durdyýewa-Nurmyradowa, Ogulbibi Garajaýewa-Nepesowa, Bibijemal Goşaýewa, Bike Kulyýewa, Läle Kulyýewa, Bike Mämiýewa, Oraztäç Orazgeldiýewa-Meredowa, Ene Reýimowa deňi-taýy bolmadyk äpet «Türkmen kalby» halysyny döredenligi üçin.

4. Režissýor Kakajan Aşyrowa, hudožnik Bäşim Garajaýewe, rollary ýerine ýetirijiler Töre Annaberdiýewe, Gülnabat Aşyrowa, Muhammet Bekiýewe - «Gorkut ata» halk eposy boýunça ýokary çeperçilikli «Däli Domrul» spektaklyny döredendikleri üçin.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 30-njy apreli

№ PP-850