Krasnowodsk we Kaka etrap sudlary üçin sudýalaryň sanyny bellemek hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Krasnowodsk we Kaka etrap sudlary üçin sudýalaryň sanyny
bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 4, 1193-nji madda)
Krasnowodsk we Kaka etrap sudlarynyň ýerine ýetirýän işiniň möçberini rejeli paýlamak maksady bilen hem-de «Turkmenistanda sud gurluşy we sudýalaryň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Kaka etrap sudunyň sudýalarynyň sanyny bir birlik ardyryp, Krasnowodsk etrap sudunda sudýalaryň sanyny bir birlik kemeltmeli.
2. Sudýalaryň sanyny Kaka etrap sudy üçin 2, Krasnowodsk etrap sudy üçin 1 sudýa barabar sanda bellemeli.
3. «Welaýat we Aşgabat şäher sudlarynyň, etrap, şäher sudlarynyň sudýalarynyň hem-de Türkmenistanyň etrap, şäher sudlarynyň ýanyndaky administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş baradaky sudýalaryň sanyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran № 665 kararyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 29-njy apreli
№ PP-844