Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryny ygtyýarlykdan mahrum etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryny ygtyýarlykdan mahrum
etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 1, 7006-njy madda)
«Türkmenistanda sud gurluşy we sudýalaryň statusy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 66 maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Kanunçylygy bozandygy üçin, Atagurt Nepesowy Aşgabat şäher sudunyň sudýasynyň ygtyýarlygyndan,
sudýanyň belent ady bilen bir ýere sygyşmaýan abraýdan gaçyrýan etmişi edendigi üçin Amangeldi Myratgulyýewi Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrap sudunyň sudýasynyň ygtyýarlygyndan mahrum etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 22-nji ýanwary
№ PP-2433