Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 12, 6022-nji madda)

Zähmetde gazanan uly üstünliklerini hem-de ýurdumyzyň elektrik energetikasyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nazarda tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli:

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň «Ahalenergo» önümçilik birleşiginiň Tejendäki «Tejenelektroset» elektrik setleri kärhanasynyň direktory Ýazdurdy Meňliýewiç Weliýewi,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň «Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň Ýashan uçastogynyň ussasy Hudaýberdi Meretgylyjowy,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Türkmenelektromontaž» firmasynyň direktory Garryguly Nurmämmedowy,

Türkmenistanyň energetika we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy Ahmet Annamuhammedowiç Temriýewi,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korparasiýasynyň Marydaky «Maryenergohimsenagat» pudagara birleşiginiň «Maryelektroset» elektrik setleri kärhanasynyň baş inženeri Gurbanmyrat Ýazlyýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 16-njy dekabry

№ PP-2425