Türkmenistanyň Milli statistika we çaklaýyş institutyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Milli statistika we çaklaýyş institutyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 12, 6012-nji madda)
Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmak, ylmy-barlar, analitik we statistik işiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň Milli statistika we çaklaýyş institutyny (Türkmenstatçaklaýyş) döredip, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetini, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ylmy-barlag ykdysadyýet institutyny hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ykdysadyýet institutyny ýatyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 15-nji dekabry
№ PP-2412