Ýoldaş K. Berdiýewi «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş K. Berdiýewi «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý
medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 12, 5998-nji madda)
Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda bitiren ulag hyzmatlary, demir ýol ulaglaryny ösdürmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda we önjeýli çeken zähmeti üçin, zähmet weterany, pensioner Kakaly Berdiýewi «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 1-nji dekabry
№ PP-2397