Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 10, 5954-nji madda)

Ýurtda pul dolanyşygyny durnuklylaşdyrmak we pugtalandyrmak boýunça çeken önjeýli zähmetini, bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegini üpjün etmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp hem-de milli puluň - manadyň girizilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli:

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Annadurdy Garlyýewiç Hajyýewi,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň halkara operasiýalary departamentiniň başlygy Ödenyýaz Tahyrowiç Japarowy,

«Gaz» paýdarlar - kommersiýa bankynyň prawleniýesiniň başlygy Rejep Ýaranowiç Üwdiýewi,

Hojalyk hasaplaşygyndaky inkassasiýa uprawleniýesiniň gymmatlyklary we walýutany daşamak boýunça Aşgabat uçastogynyň başlygy Saparnyýaz Ýazmyradowiç Ýasyýewi,

Hojalyk hasaplaşygyndaky inkassasiýa uprawleniýesiniň gymmatlyklary we walýutany daşamak boýunça Aşgabat uçastogynyň inkassatory Akmyrat Saryýewiç Welmämmedowy,

Hojalyk hasaplaşygyndaky inkassasiýa uprawleniýesiniň gymmatlyklary we walýutany daşamak boýunça Aşgabat uçastogynyň inkassatory Aşyrmämmet Akmämmedowiç Hanmämmedowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 31-nji oktýabry

№ PP-2390