Türkmenistanyň harby dolandyryş, içeri işler, milli howpsuzlyk, prokuratura edaralarynda we sudlarynda işgärler bilen alnyp barylýan işi kämilleşdirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň harby dolandyryş, içeri işler, milli howpsuzlyk, prokuratura edaralarynda we sudlarynda işgärler bilen alnyp barylýan işi kämilleşdirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 8, 5876-njy madda)
Türkmenistanyň harby dolandyryş, içeri işler, milli howpsuzlyk, prokuratura edaralarynda we sudlarynda işgärleri seçip almakda hem-de ýerli-ýerinde goýmakda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak we bu meselede olaryň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Welaýatlarda, Aşgabat şäherinde, etraplarda we şäherlerde harby dolandyryş, içeri işler, milli howpsuzlyk, prokuratura edaralarynyň hem-de sudlaryň birlikleriniň ýolbaşçylary wezipä bellenilen mahaly:
ýerli birligiň ýolbaşçysyny wezipä bellemek üçin ündelýän adamyň doglan ýeri hem-de şol ýerde ýaşan möhletini;
ýerli birligiň ýolbaşçysynyň wezipesinde bolýan möhletini şol bir administratiw-territorial birlikde şeýle wezipelerde uzak wagtlap bolmagynyň halatlarynyň öňüni almak üçin göz öňünde tutmak zerurdyr diýip bellemeli.
2. Şulary:
a) ýokarda durýan hukuk goraýjy edaralaryň, harby dolandyryş edaralarynyň ýa-da sudlaryň ýolbaşçylarynyň ýakyn garyndaşlary bolup durýan adamlary;
b) kanunylygy bozanlygy we abraýdan gaçyrýan etmişleri edenligi üçin hukuk goraýjy edaralardan, harby dolandyryş edaralaryndan hem-de sudlardan öň işden boşadylan adamlary hukuk goraýjy edaralara, harby dolandyryş edaralaryna we sudlara işe kabul etmegi gadagan etmeli.
3. Türkmenistanyň Goranmak ministri, Türkmenistanyň Içeri işler ministri, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Baş prokurory we Türkmenistanyň Ýokary sudunyň başlygy şu Permanyň berk hem-de gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 20-nji awgusty
№ PP-2351