Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

D. S. Karow we D. Nepesow ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

D. S. Karow we D. Nepesow ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

D. S. Karow we D. Nepesow ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen

sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 8, 5869-njy madda)

Önjeýli zähmeti we Türkmenstanda oba hojalyk önümçiligini ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, Miwe-gök önümleriň söwdasy baradaky assosiasiýanyň başlygy ýoldaş Durdy Sähedowiç Karowy we Türkmenistanyň gök ekerançylyk baradaky tejribe stansiýasynyň daýanç punktunyň ýolbaşçysy ýoldaş Durdy Nepesowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 8-nji awgusty

№ PP-2343