Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 7, 5743-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan üstünlikleri, şeýle hem okuwçy ýaşlary terbiýelemek we hünärli işgärleri taýýarlamak işinde çekýän önjeýli zähmeti üçin, karar edýärin:

Aşgabat şäherindäki başlangyç türkmen-türk mekdebiniň direktory Muzaffer Kaleni,

Aşgabat şäherindäki Anadoly türkmen-türk mekdebiniň direktory Mehmet Akif Çetini,

Aşgabat şäherindäki Türk dilini öwrediş merkeziniň direktory Şakir Çetini,

Aşgabat şäherindäki Hünärleri öwrediş merkeziniň direktory Fikriýe Erkuly,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýanyndaky ylahyýet liseýiniň direktory Hadi Günderi «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 5-nji iýuly

№ PP-2257