Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hukuk goraýjy organlaryň işini utgaşdyrmak baradaky soweti ýatyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hukuk goraýjy organlaryň işini utgaşdyrmak baradaky soweti ýatyrmak hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hukuk goraýjy

organlaryň işini utgaşdyrmak baradaky soweti ýatyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 3, 1091-nji madda)

Türkmenistanyň hukuk goraýjy organlarynyň işiniň döwlet tarapyndan dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hukuk goraýjy organlaryň işini utgaşdyrmak baradaky soweti ýatyrmaly.

2. Türkmenistanyň hukuk goraýjy organlaryň we harby dolandyryş organlarynyň işine ýolbaşçylyk etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary ýoldaş G.G.Kasymowyň üstüne ýüklemeli.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň Apparatynyň ýuridik bölüminiň duzüminde graždanlyk we günä geçiş sektorynyň bolmagyny göz öňünde tutmaly.

4. «Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň ýanynda Hukuk goraýjy organlaryň işini utgaşdyrmak baradaky soweti döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1991-nji ýylyň 2-nji aprelinde çykaran Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 11-nji marty

№ PP-776