Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen

sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 6, 5695-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary, okuwçy ýaşlary taýýarlamakda we terbiýelemekde gazanan üstünlikleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda bilim babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan saldamly goşandy üçin, şulary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

«Burç industrial» firmasynyň baş direktory Ali Birseni,

«Granit A. Ş.» firmasynyň baş direktory Ahmet Erkany,

«Wifak A. Ş.» firmasynyň baş direktory Abdyrahman Süýtçini,

«Göktaşlar» firmasynyň baş direktory Ibrahim Göktaşy,

«Bereket» firmasynyň baş direktory Kenan Ýyldyrymy,

«Nizam» kompaniýasy toparynyň baş direktory Mustafa Fidany,

«Serra Limited» firmasynyň baş direktory Muhsin Özjany,

«Burç industrial» firmasynyň baş direktorynyň orunbasary Mahmut Mutluny,

«Zuhal A. Ş.» firmasynyň baş direktory Osman Adzeri,

«Gaýmak A. Ş.» firmasynyň baş direktory Tuna Gökmeni,

«Aknur» firmasynyň baş direktory Erdal Aktunçy,

«Halita» firmasynyň baş direktory Emin Şeneri.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 26-njy iýuny

№ PP-2247