Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly

bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 6, 5694-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary, okuwçy ýaşlary taýýarlamakda we terbiýelemekde gazanan üstünlikleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda bilim babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan saldamly goşandy üçin, şulary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Marydaky türkmen-türk mekdebiniň direktory Ahmet Aýdogany,

Çärjewdäki türkmen-türk mekdebiniň direktory Jelalettin Özeri,

Daşhowuzdaky türkmen-türk mekdebiniň direktory Kadyr Baljyny,

Turgut Ozal adyndaky türkmen-türk mekdebiniň direktory Mehmet Karataşy,

Başkent bilim Şirketiniň türkmen-türk mekdepleriniň baş direktorynyň orunbasary Muharrem Dulgeri,

Başkent bilim Şirketiniň Türkiýe Respublikasyndaky wekili Orhan Çaýy,

Başkent bilim Şirketiniň türkmen-türk mekdepleriniň baş direktorynyň orunbasary Haýrullah Çewiki,

Başkent bilim Şirketiniň işgäri Ekrem Güzeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 24-nji iýuny

№ PP-2245