Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Adalat» gazetini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

«Adalat» gazetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Adalat» gazetini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 6, 5690-njy madda)

Ýurdumyzda hukuk döwletini gurmak hakyndaky niýetlerimizi mynasyp beýan etmek, kanunçylygy we düzgün-tertibi üpjün edýän organlaryň işini ilatymyza giňişleýin habar bermek hem-de watandaşlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny berkarar etmek, garaşsyz bitarap Türkmenistanda jemgyýeti demokratizasiýalaşdyrmak baradaky maksatlarymyzdan ugur alyp, «Adalat» gazetini döretmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 20-nji iýuny

№ PP-2237