Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmen halkynyň garaşsyzlygyny goramak ugrunda Gökdepe urşunda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmen halkynyň garaşsyzlygyny goramak ugrunda Gökdepe urşunda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmen halkynyň garaşsyzlygyny goramak ugrunda Gökdepe urşunda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 2, 1020-nji madda)

Türkmenistanyň halky öz garaşsyzlygy ugrunda asyllar boýy göreş alyp bardy. Biziň taryhymyz erkinlik we ata Watany goramak maksady bilen alnyp barlan söweşlerden doludyr. 1879-njy we 1881-nji ýyllardaky Gökdepe urşy şol söweşleriň iň aýgytlysy hem pajygalysy boldy.

Taryhy hakykaty dikeltmek we ata Watan-Türkmenistanyň garaşsyzlygyny goramak ugrunda Gökdepe urşunda wepat bolan mertleriň hatyrasyny tutmak hem-de ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 1879-njy we 1991-nji ýyllarda Türkmenistanda bolup geçen Gökdepe urşuny türkmen halkyňyň garaşsyzlygyny goramak ugrunda alyp baran Watançylyk urşy, şol uruşda wepat bolan şehitleri hem Watançylyk urşunyň gahrymanlary diýip hasaplamaly.

2. Watançylyk urşunyň söweşlerinde görkezilen gahrymançylgyň hem-de halkyň synmaz erkiniň beýik nusgasy hökmünde köne Gökdepe galasyny dikeltmeli we ony gahrymanlaryň döwlet muzeý-desgasyna öwürmeli.

3. Gökdepe galasynda Watançylyk urşunda wepat bolan şehitleriň hatyrasyna taryhy ýadygärlik we metjit bina etmeli.

4. Şu Permanda bellenen çäreleriň bökdençsiz durmuşa geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen dikeldiş işlerine ýolbaşçylyk etjek döwlet guramaçylyk komitetini döretmeli.

5.Gökdepe galasyny dikeltmek üçin pul kömegini berjek edaralara, guramalara, kärhanalara we daşary ýurtly adamlara pullaryny geçirer ýaly Türkmenistanyň Aksionerçilik - kommersiýa bankynda ýörite pul we walýuta sçetuny açmaly.

6.Türkmenistanyň Milli teleradiokompaniýasy, döwürleýin neşirleri Gökdepe galasyny dikeltmek işiniň barşy we oňa madda hem ruhy goldaw berip, goşant goşýanlar barada ilata yzygiderli habar berip durmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 3-nji fewraly

№ PP-760