Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly
bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 10, 400-nji madda)
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, howpsuzlygy üpjün etmekde, jemgyýetçilik tertibini gorap saklamakda we jenaýatçylyga garşy göreşmekde birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň şu ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Goranmak ministri, general-polkownik Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewi;
Türkmenistanyň Içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Isgender Handurdyýewiç Mulikowy;
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, 3-nji hünär derejeli Gylyçmyrat Hallyýewi;
Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Batyr Taganowiç Atdaýewi;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, polkownik Döwrangeldi Garýagdyýewiç Baýramowy;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy podpolkownik Atadurdy Ataberdiýewiç Osmanowy;
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, polkownik Meýlis Orazmyradowiç Nobatowy;
Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory, polkownik Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi;
Türkmenistanyň Adalat ministri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, polkownik Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredowy.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 25-nji oktýabry.
№ PP-214