Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 10, 392-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.03.2018 ý. çykaran № PP-321, 24.09.2018 ý. çykaran № PP-413A, 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510, 30.08.2019 ý. çykaran № PP-560, 03.08.2021 ý. çykaran № PP-855, 02.03.2022 ý. çykaran № PP-929 we 06.09.2024 ý. çykaran № PP-431 Permanlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, baýramçylyk we hatyra günlerini bellemek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş günlerine gabat gelse), şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerini bellemeli:

1) Watan goragçylarynyň güni - 27-nji ýanwar;

2) Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni - 18-nji fewral;

birinji böleginiň 3-nji, 4-nji bentleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

5) Bütindünýä saglyk güni - 7-nji aprel;

birinji böleginiň 6-njy bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

7) Türkmen bedewiniň milli baýramy - aprel aýynyň soňky ýekşenbesi;

8) 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni - 9-njy maý;

9) Aşgabat şäheriniň güni - 25-nji maý;

birinji böleginiň 10-njy bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

11) Türkmen halysynyň baýramy – maý aýynyň soňky ýekşenbesi;

12) Çagalary goramagyň halkara güni - 1-nji iýun;

121) Bütindünýä welosiped güni – 3-nji iýun;

13) Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni - 5-nji iýun;

birinji böleginiň 14-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.03.2018 ý. çykaran № PP-321 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

15) Ylymlar güni - 12-nji iýun;

birinji böleginiň 16-njy, 17-nji bentleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

18) Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni - 27-nji iýun;

birinji böleginiň 181-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 06.09.2024 ý. çykaran № PP-431 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

birinji böleginiň 19-njy bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

birinji böleginiň 20-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.08.2019 ý. çykaran № PP-560 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

birinji böleginiň 21-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

22) Bilimler we talyp ýaşlar güni - 1-nji sentýabr;

birinji böleginiň 23-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.03.2022 ý. çykaran № PP-929 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

birinji böleginiň 24-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

25) Ýaşulularyň halkara güni - 1-nji oktýabr;

251) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni - 10-njy oktýabr; (Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.08.2019 ý. çykaran № PP-560 Permany esasynda 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär);

252) Türkmen alabaýynyň baýramy - oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi;

253) Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni - 3-nji noýabr;

birinji böleginiň 26-njy bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

birinji böleginiň 261-njy bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.03.2022 ý. çykaran № PP-929 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

birinji böleginiň 27-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

28) Hasyl toýy - noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi;

29) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni - 14-nji dekabr;

30) Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny) ýatlama güni - 21-nji dekabr.

2. Şu Permanyň 1-nji bölüminde görkezilen baýramçylyk gününiň biriniň senesi beýleki bir baýramçylyk gününiň senesi bilen gabat gelen halatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen baýramçylygyň biriniň bellenilmegi başga güne geçirilip bilner.

3. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we ýatlama günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran 6640-njy Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2014-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 3351-nji maddasy);

«Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 22-nji fewralynda çykaran 6921-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2016-njy ýyldaky 2-nji ýygyndysynyň 3959-njy maddasy) I böleginiň 4-nji bölümini;

«Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran 6640-njy Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji iýulynda çykaran 146-njy Permanyny güýjüni ýtiren hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 10-njy oktýabry.

№ PP-204