Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 10, 391-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän belent maksatnamalar medeniýet we sungat ussatlarymyzy täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Häzirki döwürde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan hem-de döredijilikli zähmet çekýän halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrmak, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny düýpli öwrenmek, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da kämilleşdirmek, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak döredijilik işgärlerimiziň esasy borjudyr. Ýurdumyzyň söz ussatlarynyň, aýdym-saz wekilleriniň, bagşy-sazandalarymyzdyr mukamçy kompozitorlarymyzyň, žurnalistlerdir suratkeşlerimiziň ajaýyp durmuşymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän kämil eserleri döretmekleri, bagtly durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Medeniýet we sungat işgärlerimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk toýy mynasybetli guralýan çärelerde üstünlikli çykyş edip, halkymyzyň hormat-sarpasyna mynasyp bolýarlar.

Ýurdumyzyň milli medeniýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlaryny, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň esasy kitaphanaçysy Akjemal Umurowna Saparowa,

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Annatuwak Kakaýewa;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Garry Aşyrgylyjowna Meňliýewa;

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady:

Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Nowruzguly Atajanowiç Mätniýazowa;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň suratkeşi Maksat Daşpoladowiç Amangylyjowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Rustam Doliýewiç Annamuhammedowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Dizaýn kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Jumageldi Gylyjowiç Amangeldiýewe,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň dosenti Ýuriý Gurgenowiç Sarkisowa,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Mekan Artykmyradowiç Silapowa;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň Metbugat we habarlar bölüminiň habarçysy Ejegyz Çaryýewa,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň Syýasy-jemgyýetçilik bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Täzegül Jumamyradowna Nurmämedowa;

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Çerkez Nurýagdyýewe (merhum),

Gurbanmyrat Dabaşyýewe (merhum).

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 5-nji oktýabry

№ PP-203