Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Toý hem-de ýas bilen baglanyşykly goşmaça zähmet rugsadyny bermek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Toý hem-de ýas bilen baglanyşykly goşmaça zähmet rugsadyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Toý hem-de ýas bilen baglanyşykly goşmaça

zähmet rugsadyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 1, 954-nji madda)

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň esasy maksadynyň adam hakyndaky aladadygyndan we ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny dikeltmegiň üns merkezinde durýandygyndan ugur alyp, halky maddy hem ruhy taýdan mydama goldap durmak ýaly asylly maksada eýerip, uly tutumly toý tutýan, şonuň ýaly-da ýakyn adamynyň ýogalanlygy sebäpli ýas tutýan maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak niýeti bilen, karar edýärin:

1. 1993-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan başlap, her bir aradan çykan ynsanyň yzynda ýas dessurlaryny berjaý edýän iň ýakyn hossarlarynyň ikisine, ortaça aýlyk hakyny tölemek bilen, on günluk goşmaça zähmet rugsadyny bermeli.

2. 1993-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan başlap, uly tutumly toýlar (ogul öýerilende, gyz çykarylanda) tutulanda, toý tutýan maşgalanyň hojalyk başylarynyň ikisine 10 günlük (toýdan 5 gun öň we 5 gün soň), ortaça zähmet hakyny tölemek bilen, goşmaça zähmet rugsadynybermeli.

3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň Professional soýuzlarynyň federasiýasynyň soweti bilen ylalaşyp, şu Permana laýyklykda berilýän rugsadyň tertibini we şertlerini 10 günüň içinde işläp düzmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 8-nji ýanwary

№ PP-740