Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlaryň tölenilmegi üçin kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlaryň tölenilmegi üçin kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlaryň tölenilmegi üçin kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 11, 532-nji madda)

Türkmenistanyň býujet-salgyt esas goýujy ýörelgelerini netijeli durmuşa geçirmek, salgyt kanunlarynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini güýçlendirmek, Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlaryň, ýygymlaryň, paçlaryň hem-de beýleki hökmany tölegleriň doly we wagtynda tölenmegini üpjün etmek, şeýle hem salgyt borçlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrma maksady bilen, karar edýärin:

1. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň salgytlary 3 aýyň dowamynda ençeme gezek wagtynda tölemezligini Türkmenistanyň salgyt kanunlarynyň gödek bozulmagy diýip hasap etmeli.

2. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, şeýle hem olaryň ýokarda durýan edaralarynyň salgytlaryň wagtynda tölenilmezligine günäkär ýolbaşçylary iň az iş hakynyň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime görnüşinde edara ediş jogapkärçiligini çekýärler.

3. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň edaralary salgyt kanunlarynyň bozulmalary hakyndaky işlere garamaly hem-de şu Permanyň bozulmagynda günäkär wezipeli adamlara edara ediş temmisini bermeli.

4. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen bilelikde ulanylýan kanunlara şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipler bir hepde möhletde işläp taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 10-njy noýabry

№ PP-3203