«Watana bolan söygüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Watana bolan söygüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen
sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 10, 502-nji madda)
Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramakda göreldeli gullugy, harby borçlaryny ýerine ýetiren mahaly görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin, Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň uly leýtenanty Sähet Toýlyýewiç Sarçaýewi hem-de Türkmenistanyň serhet gosunlarynyň esgeri Aleksandr Olegowiç Gaýdarowy «Watana bolan söygüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 25-nji oktýabry
№ PP-3200