Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabyny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 8, 395-nji madda)

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, täze ýerleri özleşdirmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, Ahal welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Tejen we Kaka etraplarynyň zähmetkeşleriňin arzuw-isleglerini hem-de Ahal welaýatynyň häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, karar edýärin:

1. Ahal welaýatynda merkezi Altyn asyr säherçesinde bolan Altyn asyr etrabyny döretmeli.

Altyn asyr etrabynyň düzümine:

Altyn asyr, Döwletli, Waharman, Lukman, Ak bugdaý we Balykçylyk geňeşliklerini goşup, olary Tejen etrabynyň düzüminden çykarmaly;

Mäne, Çäçe we Altyn asyr geňeşliklerini goşup, olary Kaka etrabynyň düzüminden çykarmaly;

Altyn halka geňeşligini goşup, ony Sarahs etrabynyň düzüminden çykarmaly.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Ahal welaýatynyň Tejen, Kaka, Sarahs etraplarynyň, şeýle hem täze döredilen Altyn asyr etrabynyň edara ediş serhetleriniň ýazgysyny bellenilen tertipde geçirmeli.

3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi täze döredilen etrapda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny saklamak üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinden zerur maliýe serişdeleriň berilmegini göz öňünde tutmaly.

4. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde täze döredilen etrapda pudaklaýyn gulluklary Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen ylalaşyp döretmäge Ahal welaýatynyň häkimligine ygtyýar bermeli.

5. Türkmenistanda şäherçeleriň we geňeşlikleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-ýylyň 5-maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanylan sanawyna degişli üytgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 23-nji awgusty

№ PP-3160