Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Oktaý Özüýäni «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Oktaý Özüýäni «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 7, 342-nji madda)
Türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde, iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary hem-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyny giňeltmäge goşan şahsy goşandy üçin, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly llçisi Oktaý Özüýäni «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 20-nji iýuly
№ PP-3142