Garaşsyz Türkmenistanda 2000-ýylyň bol galla hasylyny ýetişdirmekde we ýygnamakda ýokary netijeler gazanan daýhanlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Garaşsyz Türkmenistanda 2000-ýylyň bol galla hasylyny ýetişdirmekde we ýygnamakda ýokary netijeler gazanan daýhanlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 7, 341-nji madda)
Bitarap Türkmenistanyň merdana halky özuniň altyn asyryna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy we 2000-ýyly aýratyn zähmet ýeňişlerine besledi. Ýurdumyzyň gallaçylary şu ýylyň galla möwsüminde 1 miilion 700 müň tonnadan-da gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, heniz taryhda görlüp-eşidilmedik üstünlik gazanmagy başardylar.
Edermen türkmen daýhanlary özleriniň halal, agzybirlik, tutanýerli çeken päk zähmetleri bilen türkmen topragynyň der döküp hyzmat etseň, zer öndürýändigini, berekediň, nygmatyň mekanydygyny älem-jahana äşgär etdiler. Türkmeniň altyn asyrynyň gözbaşynda gazanylan bu ýeňiş ýurdumyzda işlenip düzülen oba hojalyk özgertmeleriniň, «Galla», «Täze oba» Maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçýändiginiň hem-de bu ugurda çekilen köpýyllyk azaplarynyň indi ýerine düşýändiginiň alamatydyr.
Ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny has-da pugtalandyrmaga, «Altyn asyryň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmäge goşýan uly goşantlaryny, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda görkezen ýokary netijelerini göz öňünde tutup hem-de edermen gallaçylarymyzyň çekýän tutanýerli, arassa halal zähmetlerini şöhratlandyrmak maksady bilen, ussat gallaçylaryň şu aşakdaky toparyny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:
«Galkynyş» ordeni bilen:
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Agamyrat Hudaýberdiýewi;
«Gaýrat» medaly bilen:
Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammet Ataýewi;
Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ybaýmuhammet Begmyradowy;
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Italmaz Guwalakowy;
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Baýmuhammet Döwletmyradowy;
Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň S.Seýdi adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oguldurdy Durdyýewany;
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kakyş Illiýewi;
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagmyr Oratdyýewi;
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Orazguly Pirnazarowy;
Lebap welaýatynyň Seýdi etrabynyň «Gabakly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bossan Rahmedowany;
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwran Setdarowy;
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maýa Toýlyýewany;
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Nebitdag» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hojaberdi Hojaberdiýewi;
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mahmyt Haýdarowy;
Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Zerhal Çaryýewany;
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annadurdy Şyhberdiýewi;
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Zähmetkeş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Öre Ärnepesowy;
Mary welaýatynyň Ýöloten etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Agageldi Ýagşymyradowy;
«Watana bolan söygüsi üçin» diýen medal bilen:
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Kirpili» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hangeldi Allaberdiýewi;
Türkmenistanyň Ýaragly Güyçleri üçin azyk öndürmek we taýýarlamak baradaky uprawleniýäniň uly tehnik-hünärmeni, uly seržant Şanazar Akmämmedowy;
Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň «Obahyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň mehanizatory Nyýazmuhammet Allaberdiýewi;
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň S.Hojaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Geldi Atagurbanowy;
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Garýagdy Abdyresulowy;
Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň S.Seýdi adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gaýgysyz Açylowy;
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annatäç Gurbanmyradowany;
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Obahyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň mehanizatory Agajuma Gurbanowy;
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Obahyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň mehanizatory Begmyrat Joraýewi;
Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksat Kabişowy;
Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Obahyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň mehanizatory Ahmet Muhammetmyradowy;
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň «Däneçilik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Batyrnepes Mämmetnepesowy;
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Saparmyrat Nazarowy;
Türkmenistanyň Goranmak ministirliginiň «Altyn halka» harby hojalygynyň rota komandiri, leýtenant Maksat Pirjikowy;
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň A.Tekaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Orazguly Seýidowy;
Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyň «Balkansuwhojalygy» önümçilik birleşiginiň kärendeçisi Nyýazmyrat Sephanowy;
Lebap welaýatynyň Boýnyuzyn etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bahadur Saparowy;
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulgurban Saparowany;
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Möwlam Hudaýberdiýewi;
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Obahyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň mehanizatory Amandurdy Hallyýewi;
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amanbibi Hangeldiýewany;
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Şordepe» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hudaýberdi Hümmedowy;
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Obahyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň mehanizatory Täzebaý Haknazarowy;
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Akgum» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Doýduk Ýazmyradowany;
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Durdygözel Ýaýlyýewany.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 12-nji iýuly
№ PP-3140