Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 6, 301-nji madda)
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini dolandyrmagyň gurluşyny mundan beyläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Suw hojalyk ulgamlaryny ulanmak we suwdan peýdalanyjylara hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenobasuwhyzmat» assaosiasiýasyny ýapmaly we onuň binýadynda Türkmenistanyň Suw hojaiyk ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 15-nji iýuny
№ PP-3131