Ýoldaş G.Ahmedowa «Türkmenistanyň hormatly il ýasulusy» diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş G.Ahmedowa «Türkmenistanyň hormatly il ýasulusy» diýen ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 5, 249-njy madda)
Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmekde, «ak altynyň» we gallanyň ýokary hasylyny ýetişdirmekde, türkmen obasynyň keşbini özgertmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny gazanmagyna goşan şahsy goşandy üçin we yaş nesli watançylyk, halal zähmete bolan söygi ruhunda terbiyelemekdäki köpyyllyk zähmetini hem-de halkyň arasyndaky uly abraýyny nazara alyp, karar edýarin:
Lebap welaýatynyň hakiminiň birinji orunbasary, Çärjew etrabynyň häkimi ýoldaş Gedaý Ahmedowa «Türkmenistanyň hormatly il ýasulusy» diýen ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 4-nji maýy
№ PP-3107