Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryny güyjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryny güyjüni
ýitiren diýip hasap etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 5, 250-nji madda)
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen halkynyň altyn asyry boljak XXI asyrda Türkmenistanda iş haklaryny, stipendiýalary we ýardam pullaryny köpeltmek hakynda» 1999-ýylyň 27-dekabrynda çykaran № 3004 hem-de «Durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, paçlary we jerimeleri hasaplamagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» 2000-ýylyň 10-ýanwarynda çykaran №3012 Permanlaryna laýyklykda, karar edýärin:
Şulary güyjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
«Býujet ugrunyň guramalarynyň we edaralarynyň işgärlerinin iş hakynyň hem-de stipendiýalaryň möçberleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-ýylyň 18-fewralynda çykaran № 2472 Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1998 ý., № 2, II bölek, 7069-madda) 1,2,4 we 5-bölümlerini;
«lş hakyny ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-ýylyň 16-iýulynda çykaran № 2555 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1998 ý., № 7, 7336-madda);
«Türkmenistanyň aýry-aýry kadalaşdyryş namalaryna üýtgetmeleri girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-ýylyň 17-dekabrynda çykaran № 2718 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1998ý., № 12, 7618-madda).
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 4-nji maýy
№ PP-3108