Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýip yglan etmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýip yglan etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýip yglan etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 5, 248-nji madda)

Adamzadyň taryhynda iň ýowuz wakalaryň biri bolan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna türkmenistanlylaryň hem ýüz müňlerçesi gatnaşyp, Watan ugrundaky aldym-berdimlí söweşlerde mertlerçe wepat boldular. Olar özleriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, watansöyüjiligi, edermenligi bilen beýik pederlerimiz Oguzhanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň mynasyp nesilleridigini görkezdiler hem-de dürli halklaryň wekilleriniň arasynda Türkmeniň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünyä meşhur etdiler.

Ata Watanyň, ene topragyň abadançylygy ugrunda şirin janyny gurban eden şol şehitleriň mazary türkmen topragyndan alyslarda galdy. Merdana türkmen halky ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna eýerip, olaryň hatyrasyny hemişe belent tutýar. Ebedilik hormata mynasyp şol gahryman gerçekleriň unudylmaz atlaryny şöhratlandyrmak hem-de olaryň mukaddes ruhuny, röwşen ýadyärligini ebedileşdirmek maksady bilen karar edýärin:

1. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça söweşip, wepat bolan watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýip yglan etmeli.

2. 1941-1945-nji ýylíaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna Aşgabat şäherinde bina edilen ýadygärligi mundan beýläk Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň ýadygärligi diýip atlandyrmaly.

3. Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň atlaryny, söweş ýollaryny, deňsiz-taýsyz edermenliklerini ebedileşdirýän Gahrymanlar kitabyny taýýarlamaly we neşir etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 4-nji maýy

№ PP-3106