Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Atamyrat Nyýazowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Atamyrat Nyýazowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Atamyrat Nyýazowa Türkmenistanyň Gahrymany

diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 5, 242-nji madda)

1941-1945-ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe Watanymyzyň goragyna gahrymanlarça çykan, şunda batyrlyk, edermenlik, gahrymançylyk we mertlik görkezen hem-de adamda bar bolan iň gymmatly zadyny - özjanyny Ýeňiş ugrunda gurban eden türkmenistanly esger Atamyrat Nyýazowyň aýratyn hyzmatlaryny belläp, türkmen halky üçin watançylygyň, borja wepalylygyň we Watana jan-dilden hyzmat etmegiň nyşany bolan Atamyrat Nyýazowyň şahsyýetine ýokary hormat goýup, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň ak ýürekden gelýän köp sanly ýüzlenmelerini we isleg-arzuwlaryny nazara alyp, karar edýärin:

Atamyrat Nyýzowa (merhum) Türkmenistanyň ýokary tapawutlandyryş derejesini - Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 4-nji maýy

№ PP-3100