Ýoldaş A.Hojamowy ýörite atdan mahrum etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş A.Hojamowy ýörite atdan mahrum etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 4, 196-njy madda)
Içeri işler edaralarynyň işgäriniň adyny masgaralaýjy etmişleri edendigi sebäpli, Amannazar Hojamowy «içerki gullugyň podpolkownigi» diýen ýörite atdan, seýle hem Türkmenistanyň kanunlarynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin göz öňünde tutulan ýeňilliklerden we beýleki artykmaçlyklardan mahrum etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 18-nji apreli
№ PP-3093