Ýoldaş K.Goşmanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş K.Goşmanowa «Türkmenistanyň at
gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 4, 190-njy madda)
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň aýdym-saz sungatyny we milli medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary hem-de ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz etrabynyň medeniýet öýüniň «Dostluk» halk aýdym-saz, tans toparynyň çeper yolbaşçysy, aýdymçy Kerimbaý Goşmanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 10-njy apreli
№ PP-3087