Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnamany

tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 2, 105-madda)

«Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny durmuşa geçirmek we garaşsyz hem-de bitarap döwletiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň nyşanyna-Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna ýokary halkara hukuk derejesini bermek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnamany 2000-ýylyň 19-fewralyndan güýje girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 14-nji fewraly

№ PP-3051

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2000-ýylyň 14 fewralynda

çykaran № PP-3051 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky

DÜZGÜNNAMA

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.09.2017 ý. çykaran № PP-172 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň* reňkine, materialyna, şekiline we ölçegine (№ 1 we № 2 goşundylar) bildirilýän talaplary belleýär hem-de Baýdagy galdyrmagyň we egmegiň (aşak düşürmegiň) dabarasyny geçirmegiň wagtyny, ýerini we tertibini düzgünleşdirýär.

2. Baýdagyň dikligine gyzyl-gyrmyzy zolakly, milli gölleriň bäşisi, ak reňkde ýarymaý we bäş ýyldyz şekillendirilen ýerligi ýaşyl reňkdäki matasy ölçeglere laýyklykda matalaryň şu görnüşlerinden taýarlanylyp bilner:

a)neýlon (100%);

b)poliester (100%);

ç) ýüpek (50%) we ýüň (50%);

d) ýüpek (50%) we neýlon ýa-da poliester (50%);

«Ç» we «d» kiçi bölümlerde görkezilen matalardan taýarlanylan baýdaklar aýratyn halatlar üçin niýetlenilendir.

Baýdak taýarlanylan mahaly peýdalanylýan matalara we materiallara bildirilýän talaplar döwlet ölçeginde kesgitlenilýär. Baýdagyň laýyklyk güwänamasy bolmalydyr.

3. Dokma senagaty üçin reňkleriň ýörite Atlasy (sanawy) -«ТНЕ PLUS SERIES PANTONE» boýunça Baýdagyň reňkleriniň şu ölçegleri bellenilýär:

ýaşyl reňk - 348 C boýunça;

gyzyl reňk - 1795 C boýunça;

sary reňk - 123 C boýunça;

gara reňk - gara C boýunça.

4. Baýdak göwnejaý ýagdaýd a saklanylyp galýança peýdalanylyp bilner.

5. Milli baýramçylyk günlerinde Kanun arkaly göz öňünde tutulan ýerlerde Baýdagyň galdyrylýan wagty - 8 sagat 00 minutdyr, düşürmegiň wagty-21 sagat 00 minutdyr.

Baýdak güýçli şemal netijesinde ýyrtylyp biljek halatynda, örän güyçli yelli howada aşak düşürilip bilner.

6. Baýdak Kanunda görkezilen ähli ýerlerde şu günlerde ýokaryk galdyrylmalydyr:

1-ýanwarda, 19-fewralda, 8-martda, 21-martda, 9-maýda, 18-maýda, Oraza baýramy we Gurban baýramy bellenilýän günlerde, 27-28-oktyabrda we 12-dekabrda.

7. Baýdak dakylan binalarda ýatlama günlerinde 12-ýanwarda we 6-oktýabrda aşak egilmelidir.

8. Baýdak «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 3-maddasynyň ikinji, üçünji, dördünji we bäşinji bentlerinde sanalyp geçilen binalarda we ýaşayýş jaýlarynda, binalarda hem-de jaýlarda oturdylan baýdak berkidilýän sütünlerde galdyrylýar ýa-da Baýdagyň aşaky bölegi ýerden azyndan 2,5 metr ýokarda bolar ýaly edilip hasaplanylyp, binalaryň öň tarapyndaky baýdak saklaýjyda oturdylýar.

9. Baýdak düýpli abatlanylýan, awariýa yagdaýyndaky binalarda ýa-da öň tarapy abatlanylýan binalarda, şeýle hem ýerli ýerine yetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň görkezmesi boýunça beýleki halatlarda galdyrylmaýar.

10. «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda we şu Düzünnamada beýan edilen talaplary berjaý etmek bilen, kärhanalaryň, edaralaryň hem-de guramalaryň binalarynda Baýdagyň galdyrylmagy üçin jogapkärçilik şol kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň we jaýlaryň şol jaýlar eýeçiliginde bolan eýeleriniň üstüne ýüklenilýär.

11. Baýdak «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 3-maddasynyň altynjy bendinde görkezilen gämilerinde gäminiň burnagynda ýa-da signal beriş bogaldagynda galdyrylýar.

12. Matasy eplenen, reňki öçen, ýamalan, tikini sökülen, ýyrtylan we beýleki ýetmezleri bolan baýdagy peýdalanmak gadagan edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy

hakyndaky Düzgünnama

№ 2 goşundy

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ölçegleri

BxA A B C D E F G H I J

BxA

A

B

C

D

E

F

G

H

I

J

250x375 375 250 67,5 45 22,5 23,75 27,5 51,25 41,25 8,25

250x375

375

250

67,5

45

22,5

23,75

27,5

51,25

41,25

8,25

500x750 750 500 135 90 45 47,5 55 102,5 82,5 16,5

500x750

750

500

135

90

45

47,5

55

102,5

82,5

16,5

1000x1500 1500 1000 270 180 90 95 110 205 165 33

1000x1500

1500

1000

270

180

90

95

110

205

165

33

1250x1875 1875 1250 337,5 225 112,5 118,75 137,5 256,25 206,25 41,25

1250x1875

1875

1250

337,5

225

112,5

118,75

137,5

256,25

206,25

41,25

1500x2250 2250 1500 405 270 135 142,5 165 307,5 247,5 49,5

1500x2250

2250

1500

405

270

135

142,5

165

307,5

247,5

49,5

1750x2625 2625 1750 472,5 315 157,5 166,25 192,5 358,75 288,75 57,75

1750x2625

2625

1750

472,5

315

157,5

166,25

192,5

358,75

288,75

57,75

2000x3000 3000 2000 540 360 180 190 220 410 330 66

2000x3000

3000

2000

540

360

180

190

220

410

330

66

2500x3750 3750 2500 675 450 225 237,5 275 512,5 412,5 82,5

2500x3750

3750

2500

675

450

225

237,5

275

512,5

412,5

82,5

2750x4175 4125 2750 742,5 495 247,5 261,25 302,5 563,75 453,75 90,75

2750x4175

4125

2750

742,5

495

247,5

261,25

302,5

563,75

453,75

90,75

3000x4500 4500 3000 810 540 270 285 330 615 495 99

3000x4500

4500

3000

810

540

270

285

330

615

495

99

4000x6000 6000 4000 1080 720 360 380 440 820 660 132

4000x6000

6000

4000

1080

720

360

380

440

820

660

132

5000x7500 7500 5000 1350 900 450 475 550 1025 825 165

5000x7500

7500

5000

1350

900

450

475

550

1025

825

165

8000x12000 12000 8000 2160 1440 720 760 880 1640 1320 264

8000x12000

12000

8000

2160

1440

720

760

880

1640

1320

264

10000x15000 15000 10000 2700 1800 900 950 1100 2050 1650 330

10000x15000

15000

10000

2700

1800

900

950

1100

2050

1650

330

Bellik:

1.Tablisada görkezilen ähli ölçegler millimetrde berildi.

2.Tablisada görkezilenden uly ýa-da kiçi ölçeglerde baýdak taýýarlananda aşakda görkezilen koeffisiýentler ulanylýarlar

A Uzynlygy 1,5/ 1 B

A

Uzynlygy

1,5/ 1 B

B Ini 1/1,5 A

B

Ini

1/1,5 A

C Gyzyl-gyrmyzy zolagyň ini 1/3, 703 B

C

Gyzyl-gyrmyzy zolagyň ini

1/3, 703 B

D Baýdagyň çep gyrasyndan gyzyl-gyrmyzy zolaga çenli aralyk 1/5,555 B

D

Baýdagyň çep gyrasyndan gyzyl-gyrmyzy zolaga çenli aralyk

1/5,555 B

E Gyzyl-gyrmyzy zolagdan iň ýakyn duran ýyldyza çenli aralyk 1/11, 111 B

E

Gyzyl-gyrmyzy zolagdan iň ýakyn duran ýyldyza çenli aralyk

1/11, 111 B

F Baýdagyň ýokary gyrasyndan ýokarky ýyldyzyň gyrasyna çenli aralyk 1/10,526 B

F

Baýdagyň ýokary gyrasyndan ýokarky ýyldyzyň gyrasyna çenli aralyk

1/10,526 B

G Baýdagyň ýokary gyrasyndan ýarym aýyň ýokarky gyrasyna çenli aralyk 1/9,090 B

G

Baýdagyň ýokary gyrasyndan ýarym aýyň ýokarky gyrasyna çenli aralyk

1/9,090 B

H Ýarym-aýyň kese böleginiň ölçegi 1/4, 878 B

H

Ýarym-aýyň kese böleginiň ölçegi

1/4, 878 B

I Gyzyl-gyrmyzy zolagdan ýakyn duran ýyldyza çenli aralyk 1/6,060 B

I

Gyzyl-gyrmyzy zolagdan ýakyn duran ýyldyza çenli aralyk

1/6,060 B

J Sapyna birigýän ýeri üçin niýetlenen baýdak gyrasynyň ölçegi 1/30,303 B

J

Sapyna birigýän ýeri üçin niýetlenen baýdak gyrasynyň ölçegi

1/30,303 B

References