Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ahal welaýatynda daýhan birleşiklerini, täze ilatly ýerleri we geňeşlikleri döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ahal welaýatynda daýhan birleşiklerini, täze ilatly ýerleri we geňeşlikleri döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ahal welaýatynda daýhan birleşiklerini, täze ilatly ýerleri we

geňeşlikleri döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň

ýygyndysy 2000 ý., № 1, 17-madda)

«Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle hem Ahal welaýatynyň zähmetkeşleriniň ýüztutmalaryny we häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, karar edýärin:

1. «Altyn halka» düzlüginde:

Sarahs etrabynda - «Altyn halka» daýhan birleşigini, daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde oba derejesi bolan täze ilatly ýeri we geňeşligi döredip, olara «Altyn halka» adyny dakmaly;

Tejen etrabynda - «Ak bugdaý» daýhan birleşigini, daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde oba derejesi bolan täze ilatly ýeri we geňeşligi döredip, olara «Ak bugdaý» adyny dakmaly;

Kaka etrabynda - «Altyn asyr» daýhan birleşigini, daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde oba derejesi bolan täze ilatly ýeri we geňeşligi döredip, olara «Altyn asyr» adyny dakmaly;

Aşgabat etrabynyň «Gäwers» düzlüginde:

«Gök ýaýla» daýhan birleşigini, daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde oba derejesi bolan täze ilatly ýeri we geňeşligi döredip, olara «Sähra» adyny dakmaly;

«Serdar ýoly» daýhan birleşigini, daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde oba derejesi bolan täze ilatly ýeri we geňeşligi döredip, olara «Serdar ýoly» adyny dakmaly.

2. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi täze doredilen daýhan birleşiklerini suwarymly ýerleri abadanlaşdyrmagyň taslamalary, zerur ýer-hasaba alyş resmi kagyzlary bilen, şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky işleri ýerine ýetirmegi üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi ýollary, jemgyýetçilik-durmuş hajatly desgalary gurmak, şeýle hem täze döredilýän ilatly ýerleri gaz, suw, elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutmaly.

4. Türkmenistanyň Merkezi banky täze döredilýän hojalyklara göçüp barýanlaryň ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy üçin uzak möhletli ýeňillikli karz pullaryň berilmegini üpjün etmeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Ahal welaýatynyň häkimligi gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 28-nji ýanwary

№ PP-3026