Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Türkmen dili» gazetini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

«Türkmen dili» gazetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmen dili» gazetini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 1, 5-madda)

Türkmenistanyň ýaşulularynyň IX Döwlet Maslahatynyň, Halk Maslahatynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň bilelikdäki mejlisiniň türkmen dili we türkmen milli elipbiýi hakyndaky taryhy Kararyna laýyklykda, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň, söz baýlyklarynyň ýüze çykarylyşyny we öwrenilişini güýçlendirmek hem kämilleşdirmek, Altyn asyryň altyn nesilleriniň kalbynda türkmen diline, edebiýatyna bolan höwesini artdyrmak, türkmen milli elipbiýiniň döwlet dolandyryşynyň işine, durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylyşyna ýardam etmek maksady bilen «Türkmen dili» gazetini döretmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 10-njy ýanwary

№ PP- 3011