Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmen halkynyň altyn asyry boljak XXI asyryň bosagasynda Türkmenistanda iş haklaryny, stipendiýalary we ýardam pullaryny köpeltmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmen halkynyň altyn asyry boljak XXI asyryň bosagasynda Türkmenistanda iş haklaryny, stipendiýalary we ýardam pullaryny köpeltmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen halkynyň altyn asyry boljak XXI asyryň bosagasynda Türkmenistanda iş haklaryny, stipendiýalary we ýardam

pullaryny köpeltmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 12, 588-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.01.2000 ý. çykaran № 4506 karary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Bitarap Türkmenistan döwletimiz we onuň agzybir halky ykbal täsirli duýgular bilen XX asyry tamamlap, ýene-de uly ruhubelentlik, uly joşgun bilen özüniň altyn asyry boljak XXI asyra aýgytly ädim ädýär. Garaşsyzlygymyzyň sekiz ýylynyň içinde janymyzdan eziz görýän ata Watanymyz bitarap Türkmenistan asyrlara barabar ýol geçdi. Bary-ýogy sekiz ýylyň içinde ol özüniň diňe bir özbaşdaklygyny berkitmän, dünýä bileleşiginiň uly hormatyna mynasyp boldy.

Dünýäde we taryhda ilkinji sapar Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan 185 döwlet Türkmenistany bitarap döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar etdi. 1992-ýylda hut Halk maslahatynda kabul edilen «10 ýyl abadançylyk» Maksatnamamyz doly ýerine ýetirildi. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk «10 ýyl abadançylyk» Maksatnamamyz türkmen halkynyň ömür ýoluny kesgitlän ykbalnama bolup taryha girdi.

Durmuşyň ähli wajyp ugurlarynda geçirilen özgertmelerimiz agzybir türkmen halkymyz tarapyndan goldanyldy we uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Babadaýhanlarymyz taryhda ilkinji gezek 1 million 540 müň tonna «ak bugdaýy» taýýarlamagyň hötdesinden geldi. 1999-ýylda «ak altynyň» hem 1 million 300 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Bu gazanylan üstünlikleriň netijesinde iňňän gysga döwrüň içinde bitarap Türkmenistan özüniň azyk garaşsyzlygyny gazandy. Iň esasy-da, bu daşary ýurtlardan un we beýleki azyk önümlerini almak üçin sarp edýän uly mukdardaky daşary ýurt pullarymyzy tygşytlamaga hem-de şol serişdeleri obany özgertmäge, oba ilatynyň durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şonuň ýaly-da, ykdysadyýetde geçirilýän özgertmeleriň netijesinde diňe 1999-ýylda senagatymyza daşary ýurt firmaralarynyň gatnaşmagynda 4 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýuldy we öň peýda bermedik oba hojalygymyz, dokma senagatymyz, nebitgaz, aragatnaşyk, energetik ulgamlarymyz köp mukdarda daşary ýurt pulunda girdeji berip başlady. 1994-ýyla garanyňda türkmen döwleti daşary ýurtlara nah ýüplügi 28 esse, egin-eşigi 10 esse, halylary 3 esse köp iberýär. Nebitiň iberilýän möçberi 80 prosent, nebit önümleriniň iberilişi bolsa 27 prosent artdy. Bu zatlaryň hemmesi bolsa türkmen halkynyň ykdysady galkynyşyny üpjün etdi.

Garaşsyzlygymyzyň sekiz ýyly içinde ykdysady galkynyşyň netijesinde XXI asyry türkmeniň altyn asyryna öwürmegiň berk binýadynyň tutulandygyny we bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetde gazanan guwandyryjy üstünliklerini mydama öz raýatlarynyň bolçulykda ýaşamagyna, durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna, aýlyk-günlükleriniň köpelmegine bagyş edýändigini nazara alyp, karar edýärin:

1. 1999-ýylyň 1-dekabryndan başlap býujet edaralarynyň, işini hojalyk hasaplaşygy ýörelgesinde amala aşyrýan döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň işgärleriniň iş hakyny 2 esse köpeltmeli we iş hakynyň iň az möçberini 500 müň manada ýetirmeli.

Hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we guramalaryň işgärleriniň iş hakyny önümleri (işleri, hyzmatlary) ýerlemegiň möçberlerini artdyrmagyň, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň özlerinde bar bolan serişdeleriň hasabyna köpeltmeli.

2-nji bölegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.01.2000 ý. çykaran № 4506 karary esasynda güýjüni ýitiren.

3. 2000-ýylyň 1-ýanwaryndan başlap pensiýalaryň möçberlerini pensiýalary hasaplamagyň «Pensiýalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan usullaryna laýyklykda gaýtadan hasaplamaly.

2000-ýylyň 1-ýanwaryndan başlap pensiýalaryň aňryçäk möçberini 400 müň manat bellemeli.

4. Hususy eýeçilikdäki kärhanalar, guramalar, daşary ýurt firmalary, olaryň wekilçilikleri, bilelikde döredilen kärhanalar, şol ýerlerde işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň iň az aýlyk iş hakynyň 500 müň manat möçberde bolmagyny üpjün etmeli.

5. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, sud edaralarynyň, prokuratura edaralarynyň we karz beriji edaralaryň ýolbaşçylarynyň wezipe aýlyk iş haklaryny № 1 goşunda laýyklykda tassyklamaly.

6. Döwlet hemaýaty gerek adamlar häkimlikler tarapyndan ýörite düzülen komissiýa ýüz tutup bilerler. Komissiýa ýüz tutan adamlaryň saglyk we maşgala ýagdaýyna seredip, döwlet hemaýat pulunyň möçberini kesgitlär.

Türkmenistanyň Durmuş üpjünçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi:

- häkimlikler bilen bilelikde ýörite komissiýalary döretmeli;

- komissiýalaryň işi hakyndaky Düzgünnamany 10 gün möhletde taýýarlamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 27-nji dekabry

№ PP-3004