Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa, ýerasty baýlyklary goramak we halk hojalygynda işleri howpsyz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasyny "Türkmenstandartlary" baş döwlet inspeksiýasyna öwürmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa, ýerasty baýlyklary goramak we halk hojalygynda işleri howpsyz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasyny "Türkmenstandartlary" baş döwlet
inspeksiýasyna öwürmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1999 ý., № 10, 508-nji madda)
Standartlaşdyrmagy, önümlere we hyzmatlara güwänama bermegi, Türkmenistanyň halk hojalygynda işleri howpsyz alyp barmagy dolandyrmagy hem-de olara döwlet tarapyndan gözegçilik etmegi kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa, ýerasty baýlyklary goramak we halk hojalygynda işleri howpsyz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasyny "Türkmenstandartlary" baş döwlet inspeksiýasyna öwürmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 5-nji oktýabry
№ PP-2968