Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1999 ý., № 9, 457-nji madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 1999-ýylyň noýabrynda-dekabrynda gullukdan boşatmaly.
2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, şeýle hem çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary 1999-ýylyň oktýabrynda-dekabrynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 20-nji sentýabry
№ PP-2958