Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Lebap welaýatynyň Çärjew şäheriniň adyny üýtgetmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Lebap welaýatynyň Çärjew şäheriniň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Lebap welaýatynyň Çärjew şäheriniň adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1999 ý., № 7, 353-nji madda)

Merdana türkmen halkymyzyň agzybirlige, jebislige, ýurt abadançylygyna goýýan beýik sarpasyny, türkmen halkynyň altyn asyry boljak XXI asyryň bosagasynda il-günümiziň sarsmazlygyny, müňýyllyklara uzap gitjek berkararlygyny, rowaçlygyny şöhratlandyrmak, eziz Watanymyz bitarap Türkmenistanyň ýer-ýurt atlaryny galkynýan halkymyzyň beýik ruhuna gabat getirmek hem-de lebaply merdana ilimiziň islegini göz öňünde tutup, karar edýärin:

Lebap welaýatynyň merkezi Çärjew şäheriniň adyny üýtgedip, ony mundan beýläk Lebap welaýatynyň TÜRKMENABAT şäheri diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 19-njy iýuly

№ PP-2918