Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz şäheriniň adyny üýtgetmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz şäheriniň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 6, 282-nji madda)
Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy milli däpleriniň täzeden dikeldilýändigini, şu topraklarda oguz türkmenleriniň daşoguzlar diýip at alan uly toparynyň iňňän gadymy döwürden bäri yaşap gelýändigini nazara alyp, soňky döwürlerde şol taryhy atlaryň nähak ýoýlandygyny nygtap, ata Watanymyzda ýer-ýurt atlaryny düzetmek we ýaş neslimizde gadymy ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyna uly buýsanç we söýgi döretmek, olary oguz iline mahsus bolan watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, karar edýärin:
Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz şäheriniň adyny üýtgedip, ony mundan beýläk Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheri diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 10-njy iýuny
№ PP-2890