Türkmenistanyň Ýaragly Güyçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ýaragly Güyçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 4, 154-nji madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 1999-ýylyň maýynda-iýunynda gullukdan boşatmaly.
2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, şeýle hem çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary 1999-ýylyň aprelindeiýununda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 6-njy apreli
№ PP-2815