O. Gurbanow, A. I. Filippowa, A. Heştekow ýoldaşlary Türkmenistanyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
O. Gurbanow, A. I. Filippowa, A. Heştekow ýoldaşlary Türkmenistanyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda
010.200.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 10, 720-madda)
Türkmenistanyň senagat kärhanalarynda köp ýyllap netijeli işländikleri üçin hem-de Türkmenistan körler we kerler jemgyýetiniň döredilen gününiň altmyş ýyllygy mynasybetli, şu aşakdakylary Türkmenistanyň Hormat haty bilen sylaglamaly:
Türkmenistan körler we kerler jemgyýetiniň Baýramalydaky okuw-önümçilik kärhanasynyň aýakgap sehiniň işçisi Orazmuhammet Gurbanowy.
Türkmenistan körler we kerler jemgyýeginiň Krasnowodskidäki okuw-önümçilik kärhanasynyň ilkinji guramasynyň býurosynyň başlygy Antonina Iwanowna Filippowany.
Türkmenistan kerler ws körler jemgyýetiniň Daşhowuzdaky okuw-önümçilik kärhanasynyň kartonaž sehiniň işçisi Amandurdy Heştekowy.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 7-nji oktýabry
№ UP-604