Garagum we Wekilbazar etrap sudlary üçin sudýalaryň sanyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Garagum we Wekilbazar etrap sudlary üçin sudýalaryň sanyny
bellemek hakynda
180.020.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 9, 664-madda)
Garagum we Wekilbazar etrap sudlarynda işleri netijeli ýerine ýetirmegi üpjün etmek maksady bilen karar edýärin:
1. Türkmenistanda sudýalaryň bellenen sanynyň çäklerinde Wekilbazar etrap sudunyň sudýalarynyň sanyny 1 birlik artdyryp, Garagum etrap sudunda sudýalaryň sanyny 1 birlik kemeltmeli.
2.Wekilbazar etrap sudy üçin sudýalaryň sanyny 2 sudýa we Garagum etrap sudy üçin 1 sudýa möçberinde bellemeli.
3. «Türkmenistanyň oblast we Aşgabat şäher sudlarynyň, raýon, şäher sudlarynyň sudýalarynyň hem-de raýon, şäher sudlarynyň ýanyndaky administratiw we ýerine ýetiriliş önümçiligi baradaky sudýalaryň sanyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran № 665 kararyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 17-nji sentýabry
№ UP- 592