Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasyny Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna öwürmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasyny Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna öwürmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasyny Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna öwürmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 11, 534-nji madda)

Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen we «Türkmenistanda döwlet gullugyna döwlet ýolbaşçylaryny, wezipeli adamlary seçip-saýlap almak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

l . Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasyny Türkmenistanyň döwet gümrük gullugyna öwürmeli.

2. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň Ýustisiýa mininistrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary ulanylýan kanunlara girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 4-nji noýabry

№ РР-3734